Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň baýramy bellenildi

30-njy oktýabrda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda guralan bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça eminler toparynyň çözgüdi yglan edildi. Şeýlelikde, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Içeri işler ministrligine degişli Goňurhan atly alabaý mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Ý.Töräýew, alabaýyň idedijisi esger G.Aşyrow. Bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — «Toyota Camry» kysymly awtoulag, ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşuryldy. 

Soňra türkmen alabaýynyň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, çaphana önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeperçilik taýdan beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi.


Yza

Şeýle hem okaň