Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyňon aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijelerine garaldy diýip, TDH habar berýär. 

Şeýle-de mejlisiň gün tertibine garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy hem-de asudalygy üpjün etmek, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi diýlip, çeşmede bellenilýär.


Yza

Şeýle hem okaň