Türkmenistanyň hökümet mejlisinde pudaklaryň 10 aýdaky ösüşiniň netijelerine garaldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 4-nji noýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenilip, wise-premýerleriň hasabaty diňlenildi. Şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Döwlet býujetiniň 2023-nji ýyl üçin taslamasynyň taýýarlanylyşy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýyl üçin ýurdumyzyň baş maliýe taslamasynyň Milli Geňeşiň Mejlisine ugradylýandygyny belledi. Ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, bu resminamada ilatyň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň ýokarlandyrylmagy göz öňünde tutulýar. 


Yza

Şeýle hem okaň