Türkmenistanyň wekiliýeti 3-nji noýabrda Ýerewanda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Zähmet, ilaty iş bilen üpjün etmek we durmuş taýdan goramak boýunça Konsultatiw geňeşiniň XXXV mejlisine gatnaşdy diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.
Mejlise gatnaşyjylar soňky ýyllarda alnyp barlan işleriň jemlerine garadylar. Öz ýurtlaryndaky durmuş-zähmet ýagdaýlary we bu ugurda alnyp barylýan çäreler barada maglumat alşyldy, 2020-2023-nji ýyllarda durmuş we demografiýa syýasatynyň ylalaşylan Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamalarynyň we GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüş Strategiýasynyň birinji tapgyrynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.