7-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumyndaky işleriň barşy, welaýatlardaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de Hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi barada hasabatlar diňlenildi.