Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmentel — 2022-ä» gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna gatnaşyjylary forumyň öz işine başlamagy bilen gutlady diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkara serginiň we maslahatyň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.


Yza

Şeýle hem okaň