Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda, merhumyň maşgalasyna ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýanyň bellenilmegi göz öňünde tutulandyr we pensiýanyň bu görnüşiniň möçberleri eklençdäkileriň sanyndan ugur alyp hasaplanylmagy bellenendir.
Bilşimiz ýaly «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 22-nji noýabrda resmi çap edildi we 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girer.
Kabul edilen bu Kanunyň herekete girmegi bilen, eklenjinde dört we şondan köp ýetim çagalara tölenilýän ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýanyň möçberi ýokarlanar.
Häzirki wagtda hereket edýän Kodekse laýyklykda, üç we ondan köp çaga üçin ähli ýagdaýlarda pensiýa pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygyň 285 göterimi tölenilýän bolsa, indiki ýyldan başlap ýetim çagalara tölenilýän ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa şu möçberde töleniler:
Pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululyk Türkmenistanyň Permanyna laýyklykda 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 410 manat möçberde bellenilendir.