Türkmenistanda «Türkmentel — 2022» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär

10-njy noýabrda Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan çäre diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, sanly ulgam arkaly Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurdunda hem görkezilýär.

«Türkmentel — 2022-niň» işine 18 ýurtdan 100-den gowrak wekiliýet gatnaşýar. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda Türkmenistanyň hemişelik hyzmatdaşlary bar.

Maslahatyň çäklerinde «Aragatnaşyk» we «Kiberhowpsuzlyk, maglumatlaryň ýaşyrynlygy we goralyşy. Poçta pudagynda çözgüt transformasiýalary» ýaly mowzuklar boýunça mejlisleriň ikisi geçiriler. Şeýle-de talyplaryň arasynda geçirilen «Sanly çözgüt — 2022» atly bäsleşigiň jemleri jemleniler.


Yza

Şeýle hem okaň