Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Hasyl toýy mynasybetli gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow edermen oba zähmetkeşlerini, hasyl ussatlaryny we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyny özygtyýarly, Bitarap Watanymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli gutlady diýip, TDH habar berýär.

«Bu baýram merdana halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň subutnamasydyr. Ene topraga yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr» – diýlip, Gutlagda bellenilýär.


Yza

Şeýle hem okaň