Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň ýigrimi birinji maslahaty geçirildi

12-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi birinji maslahaty geçirildi diýip, TDH habar berýär. 

Maslahatyň gün tertibinde «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» kararyň taslamasyna garaldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 91 075 686,0 müň manat we çykdajylar boýunça 90 097 999,0 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigini tassyklady.


Yza

Şeýle hem okaň