Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler boýunça iş maslahatyny geçirdi

14-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi diýip, TDH habar berýär. 

Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz «ak altynyň» hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, halkymyzy ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek ugrunda öňde durýan wezipelere ünsi çekdi.


Yza

Şeýle hem okaň