Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi

16-njy noýabrda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahat köşgünde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ilkinji mejlisi boldy diýip, TDH habar berýär. 

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça geçirilýän bu günki duşuşykda Türkmenistanyň Maşgala kodeksi, degişli Kanunlary bilen baglanyşykly meseleleriň hem-de howandarlyga mätäç çagalara ýakyndan ýardam bermek boýunça öňde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Soňra mejlise gatnaşýan ýaşuly nesliň wekillerine söz berildi.


Yza

Şeýle hem okaň