18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Şol gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy boldy. Taraplar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglandy.