Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi birnäçe täze Kanunlary makullady

19-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň sekizinji mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Halk Maslahatynyň agzalary 9-njy noýabrda Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigriminji maslahatynda kabul edilen Kanunlary makulladylar. Şol sanda: «Notariat we notarial işi hakynda», «Sirk we sirk sungaty hakynda» «Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda», «Ýükleriň ýol arkaly halkara daşalmagy babatda şertnama hakyndaky Konwensiýa Elektron haryt-ulag hatyna degişli Goşmaça Teswirnama goşulmak hakynda» we «Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary tassyklandy. 

Şunuň bilen bir hatarda, Halk Maslahatynyň agzalary hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge degişli birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalaryna seretdiler.


Yza

Şeýle hem okaň