Türkmenistanda sekiz we şondan köp çaga dogran zenanlaryň pensiýa ýaşy azaldylar

2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan sekiz we şondan köp çagany dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy (iş döwri) 10 ýyldan az bolmadyk, 52 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň ýaşy boýunça pensiýa hukugy bardyr.

Häzirki wagtda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, bäş we ondan köp çagany dogran we sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 15 ýyldan az bolmadyk, 54 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň ýaşy boýunça pensiýa hukugy bardyr.

Munuň özi şeýle eneler üçin pensiýa çykmaga hukuk berýän ýaşynyň 2 ýyl kemeldilendigini, talap edilýän iş döwrüniň bolsa, 5 ýyl kemeldilendigini görkezýär.

Ýeri gelen-de aýtsak, bulardan başga-da ýaşy boýunça pensiýa şu aşakdakylaryň hukugy bardyr:

  • hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk, 62 ýaşy dolan erkek adamlaryň, 57 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;
  • üç çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 20 ýyldan az bolmadyk, 56 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;
  • dört çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 18 ýyldan az bolmadyk, 55 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;
  • bäş, alty, ýedi çagany dogran ýa-da çagalygyndan maýyplygy bolan çagasy bar bolan (maýyplygy bolan çaga diýip ykrar edilen wagtyna garamazdan) we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 15 ýyldan az bolmadyk, 54 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň.


Yza

Şeýle hem okaň