Abu-Dabide Türkmenistanyň Prezidentiniň we BAE-niň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

21-nji noýabrda resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Abu-Dabide BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen gepleşikler geçirdi diýip, TDH habar berýär.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ýokary derejedäki türkmen-emirlikler gepleşikleriniň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi (TDH-nyň saýtynda çap edilýär). 

Taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga uly isleg bildirýändikleri geçirilen ýokary derejedäki ikiçäk duşuşyklaryň dowamynda ýene bir gezek tassyklandy.


Yza

Şeýle hem okaň