Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi

23-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Mejlise gatnaşmak üçin Hökümetiň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar çagyryldy. Mejlisiň gün tertibinde «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuny esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy.

Resminama gözden geçirilenden soňra, Gahryman Arkadagymyz ähli ugurlar boýunça edilen bellikleri göz öňünde tutup, ýene-de bir gezek anyk we takyk hasaplamalary geçirip, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň taslamasyny üstünde işlemek üçin Milli Geňeşiň Mejlisine gaýtarmagy, şondan soňra ony Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna gaýtadan seretmäge bermegi teklip etdi.


Yza

Şeýle hem okaň