Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi diýip TDH habar berýär. 

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy hem-de oba hojalyk toplumyny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde talabalaýyk we öz wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi we degişli tabşyryklary berdi.


Yza

Şeýle hem okaň