Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletine sapary amala aşyrdy

3-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi hem-de Dohada dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy diýip, TDH habar berýär.

Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Kataryň Emiri hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliginiň bardygyny bellediler we iki ýurduň bähbidine ony durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Niderlandlaryň we ABŞ-niň ýygyndylarynyň arasynda geçirilen Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 final duşuşygyna tomaşa etdi.


Yza

Şeýle hem okaň