Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty geçirildi

5-nji dekabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty geçirildi diýip, TDH habar berýär.

«Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna seretdiler.

Maslahata gatnaşyjylar Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny we kanunçylyk namalaryny biragyzdan kabul etdiler we makulladylar.


Yza

Şeýle hem okaň