Çaga hukuklary boýunça hereketleriň täze Milli meýilnamasynyň taýýarlygy tamamlanýar

6-njy dekabrda ÝUNISEF Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde çaga hukuklary boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň täze Milli meýilnamasyny (ÇHBHMM) taýýarlamak boýunça ähli welaýatlarda geçirilen geňeşmeleri tamamlady diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet-neşiri habar berýär.

ÇHBHMM-niň täze meýilnamasy ilki bilen,  Adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary babatda Türkmenistanyň halkara borçlaryny ýerine ýetirişini üpjün etmek boýunda Pudagara toparynyň agzalaryna hödürlendi, soňra ähli welaýatlarda häkimleriň orunbasarlarynyň, sagaldyş merkezlerini, çagalar öýleriniň, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça komissiýalaryň, polisiýanyň wekilleriniň, jemgyýetçilik işgärleriniň, Zenanlar guramasynyň we Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geňeşmeler geçirildi.


Yza

Şeýle hem okaň