7-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Türkmenistana gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Duşuşygyň barşynda halkara syýasatyň we sebitara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň ýakyndygy we meňzeşdigi kanagatlanma bilen nygtaldy, şeýle hem bar bolan kuwwaty, milli bähbitleri, ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak arkaly guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi.
Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kanun çykaryjy edaralarynyň hyzmatdaşlygynyň, iki ýurduň parlamentleriniň duşuşyklarynyň, geňeşmeleriniň işjeňleşdirilmeginiň däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Aly gyzy Gafarowany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.