9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.
Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garaldy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz mejlisde maksatnamalaýyn çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň başynda ýene-de birnäçe günden biz uly baýramy — Halkara Bitaraplyk gününi belläp geçeris diýip nygtady hem-de ýygnananlary we olaryň üsti bilen ähli türkmen halkyny bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýar durmuş we uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz asylly däbe eýerip, iş kesilen 308 raýatyň ýetip gelýän baýramçylyk mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.
Soňra bolsa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylarynyň, Hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany gowşuryldy.