Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere pensiýalarynyň (muňa ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa we toplaýyş pensiýasy degişli däldir) ýa-da çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň, maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň, döwlet durmuş kömek pulunyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak töleniljekdigini habar berýär.
Bu goşmaça haky almak üçin hormatly adyna mynasyp bolan eneler öz ýaşaýan ýeri boýunça pensiýa gaznasynyň ýerli bölümine «Ene mähri» diýen hormatly adynyň şahadatnamasynyň nusgasyny tabşyrmagy ýeterlikdir.
Ýeri gelen-de aýtsak, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 2008-nji ýylyň 3-nji martynda kabul edildi. Şu Kanun güýje girenden soň sekizinji we şondan köp çagany dünýä indiren we terbiýelän enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylýar.
Habarlaşmak üçin: (+993 12) 98-35-17; (+993 12) 39-48-17; (+993 12) 39-48-72; (+993 12) 39-35-79.