Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Bitaraplyk güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz türkmenistanyň ýaşaýjylaryny halklary we döwletleri jebisleşdirýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady diýip, TDH habar berýär.


Mundan 27 ýyl ozal — 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň, şeýle-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegi dünýä taryhynda örän ähmiýetli wakadyr diýlip, Gutlagda bellenilýär.


Yza

Şeýle hem okaň