Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerini ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramy — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlady diýip, TDH habar berýär.

«Nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagydyr. Ýurdumyzyň mineral-çig mal serişdeler binýady, kuwwatly ýangyç-energetika senagaty we energiýa-ulag üpjünçilik ulgamlary Türkmenistany kuwwatly döwlet hökmünde dünýä tanadýar» – diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.


Yza

Şeýle hem okaň