Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda wise-premýerleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň hasabatlary diňlenildi. Gün tertibine şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri girizildi diýip, TDH haýbar berýär.

Döwlet baştutanymyz hasabatlary diňläp, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň işinde bar bolan kemçiliklere garamazdan, şu ýyl milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşiniň saklanýandygyny aýtdy. 

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberleri artdy. Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy hem ýokarlanýar. Döwlet býujetine serişdeleriň gelip gowuşmagy bellenen tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edildi. Zähmet haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary tassyklanan tertibe laýyklykda tölenýär.


Yza

Şeýle hem okaň