Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berildi

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi diýip, TDH habar berýär. 

Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we ýurtda oba hojalygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahata gatnaşyjylar dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň geçirilişi, şeýle hem Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.


Yza

Şeýle hem okaň