Aşgabatda jemgyýetçilik işiniň esaslary boýunça sapaklar geçirilýär
Aşgabatda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň täze işe alnan jemgyýetçilik işgärleri we hünärmenleri üçin jemgyýetçilik işiniň esaslary boýunça okuw sapaklarynyň tapgyry başlandy.
Okuwlar jemgyýetçilik işiniň we jemgyýetçilik hyzmatlarynyň esasy düşünjesi, jemgyýetçilik işiniň etika ülňüleri, şeýle hem bu ugurdaky hünärmenleriň hünär başarnyklary bilen tanyşdyrmak maksady bilen ÝUNICEF tarapyndan geçirilýär.
23-nji dekabra çenli dowam etjek okuwyň dowamynda oňa gatnaşyjylar hususy kömek meýilnamasyny, şeýle hem gözegçilik edilýän adamlar bilen ilkinji söhbetdeşligiň meýilnamasyny işläp düzmegi öwrenerler. Sapaklaryň ikinji bölümi indiki ýyl – 9-13-nji ýanwar aralygynda geçiriler.
Şahsy taraplaryň salgyt hasaba goyulandygy hakynda şahadatnamasyndaky görkezilen hususy salgyt belgisi
Fiziki şahsyň ätiýaçlandyrýan hökmünde hasaba alnandygy hakynda şahadatnamasynda ýa-da Pensiýa ätiýaçlandyrmasy kitapçasynda görkezilen atly pensiýa hasabyň ätiýaçlandyrma belgisi