Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-tejribe žurnalynda iýul — sentýabr aýlaryndaky döwletimiziň daşary syýasy durmuşynyň möhüm ähmiýetli wakalary beýan edilýär diýip, TDH habar berýär.
Žurnalda ýerleşdirilen makalalar sebitleýin we ählumumy derejede giň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ugur edinýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli alyp barýandygyny, halkara guramalar we düzümler bilen gatnaşyklary berkidýändigini, şunda ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň möhüm ugur bolup durýandygyny görkezýär.
«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnaly türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde neşir edilýär.