Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna ak pata berdi

24-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy hem-de şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi diýip, TDH habar berýär.

Merkeziň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalar toplumynyň hatarynda iki gatly ýaşaýyş jaý toplumynyň, seýilgäh zolaklarynyň, häzirki zaman kommunikasiýalar ulgamyna degişli döwrebap serişdeler zolaklarynyň, ýol hereketiniň statistiki hasabatlaryny elektron ulgam arkaly tabşyrmagyň programma üpjünçiligi bar.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna başlamaga ak pata berip, bu işde häzirki zamanyň ösen dünýä tejribesiniň ulanylmalydygyny belledi.


Yza

Şeýle hem okaň