Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitiniň dowamynda özara gatnaşyklaryň ugurlary we halkara derejedäki umumy gyzyklanma bildirilýän birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Yza

Şeýle hem okaň