Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtyň Gurtly ýaşaýyş toplumynda täze binalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günbatar künjeginde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň, umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň we beýleki desgalaryň açylyş dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.

Şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda bina edilen täze toplum 91,06 ga meýdanda ýerleşýär, olaryň gurluşygy ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy esasynda 40 sany ýerli kompaniýa tarapyndan amala aşyryldy.


Yza

Şeýle hem okaň