Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi geçirildi

29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Mejlisiň ýolbaşçysy geljek 2023-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň halkymyzdan gelip gowşan köp sanly teklipler esasynda kabul edilendigi habar berildi. Halkymyz tarapyndan giňden goldanylan teklipler nazara alnyp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň degişli Karary taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň beren maglumatyna görä, deputatlarymyzyň we halkymyzyň geljek ýylyň şygarydyr nyşany baradaky teklibini goldady hem-de 2023-nji ýylyň şygarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilýändigini tassyklady. 

Geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny metbugat we teleýaýlymlar arkaly halk köpçüligine ýetirmek tabşyryldy.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


Yza

Şeýle hem okaň