Türkmenistanyň Prezidenti alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly iş maslahatyny geçirdi

3-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi diýip, TDH habar berýär. 

Onda Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meseleler boýunça hasabatlary diňlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu günki günüň wajyp meseleleriniň biri bolan kärendeçiligi ösdürmek işine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Iş maslahatyna gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2023-nji ýyl bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutladylar.


Yza

Şeýle hem okaň