Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa döwlet sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady diýip, TDH habar berýär.

Şu gün, 6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçiriler.

Öňde boljak türkmen-hytaý gepleşikleriniň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika pudagynda, himiýa senagatynda, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.


Yza

Şeýle hem okaň