6-njy ýanwarda Pekinde düýn döwlet sapary bilen HHR-e gelen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Ýokary derejeli türkmen-hytaý gepleşikleriniň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň we HHR-iň Başlygynyň arasyndaky gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyna, şeýle hem birnäçe beýleki möhüm resminamalara gol çekildi.