Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk işleriniň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

9-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň, pagtaçy daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň Prezidenti bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň we bu işleriň gözegçilikde saklanylmagynyň wajypdygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde welaýatlaryň häkimlerine ýazlyk ýeralmany we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.


Yza

Şeýle hem okaň