Türkmenistanyň kanun çykaryjy häkimiýetiniň düzümlerini kämilleşdirmek maksady bilen

11-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamdow paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirdi diýip, TDH habar berýär.

Maslahatyň dowamynda milli parlamentiň öňünde durýan meselelere garaldy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wajyp wezipeler kesgitlendi.

Häzirki döwrüň ösüp-özgerip barýandygyny nazara alanyňda, ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň gurluşyny yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurlygynyň ýüze çykýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz döwrüň şu talaplaryndan ugur alynmagynyň wajypdygyna üns çekdi.

Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamdow halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny – Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi.


Yza

Şeýle hem okaň