Durmuş taýdan gorag işleri boýunça türkmen hünärmenlerinden ybarat topar binýatlyk okuw sapaklarynyň ikinji tapgyryny geçdi. Okuwlar ÝUNISEF tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine «Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, berilýän durmuş hyzmatlarynyň ýokary hilliligini üpjün etmäge usuly ýardam bermek maksady bilen geçirildi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet-neşiri habar berýär.
Okuwlar durmuş taýdan gorag işleriniň öňe sürülýän meselelerini we ýagdaýlary seljermegiň çemeleşmelerini içgin öwrenmegi öz içine alýar. Şeýle hem oňa gatnaşyjylar gürrüňdeşlik geçirmegiň binýatlyk ukyplary, sosial gurşawyň faktorlaryna baha bermek ugurlary boýunça bilimlerini artdyrdylar.
Durmuş taýdan gorag işleri boýunça hünärmenler nazaryýetde alan bilimlerini dürli amaly ýumuşlary ýerine ýetirmek arkaly amalyýetde peýdalandylar.