Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

17-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Söhbetdeşler Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň 19-20-nji ýanwarda ýurdumyza meýilleşdirilýän saparyna aýratyn ünsi çekdiler. Bu saparyň barşynda ýokary derejedäki gepleşikleri geçirmek, resminamalaryň birnäçesine gol çekmek, iri işewürlik maslahatyny hem-de köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.


Yza

Şeýle hem okaň