18-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen okuw sapagynda ilatyň gowşak gatlaklaryny we maýyp çagalary bolan maşgalalary goldamak, şeýle hem ýöriteleşdirilen gulluklar tarapyndan öz wagtynda durmuş taýdan gorag hyzmatlaryny bermek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, ÝUNISEF-iň metbugat beýanatynda habar berilýär.
Çärä Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Wekiliýetiniň we ABŞ-niň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) hünärmenleri gatnaşdylar.
Olar adam hukuklaryna esaslanýan çemeleşmelere laýyklykda döwlet we döwlete dahylsyz guramalar tarapyndan dürli görnüşli durmuş taýdan gorag hyzmatlaryny hödürlemegiň we artdyrmagyň mümkinçiliklerine garadylar. Maýyp çagalary bolan maşgalalara öz wagtynda psihologik goldaw bermek hemmetaraplaýyn goldaw çäreleriniň biri hökmünde kesgitlenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar ilatyň ejiz toparlarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin Adalatçynyň diwanynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar we haýsy ýagdaýlarda olaryň hyzmatlaryna ýüz tutup boljakdygyny öwrendiler.
Okuw sapagy ÝUNISEF tarapyndan «Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa» maksatnamasy bilen bilelikde, USAID-iň maliýe taýdan goldaw bermeginde guraldy.