Aşgabatda Türkmen-rus işewürlik maslahaty geçirilýär

19-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy diýip, TDH habar berýär.

Işewürlik duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi. Wekiliýetiň düzümindäki ýokary wezipeli myhmanlaryň hatarynda ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary bar. Şeýle hem Hökümet düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, täjirçilik däl guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda işleýän iri kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary wekiliýetiň düzüminde ýurdumyza geldiler.


Yza

Şeýle hem okaň