Ýokary derejede türkmen-rus gepleşikleri geçirildi

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen gepleşikleri geçirdi diýip, TDH habar berýär.

Taraplar ikiçäk we iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirdiler.

RF-niň Hökümetiniň Başlygy we Türkmenistanyň Prezidenti syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Gepleşikleriň dowamynda söwda, energetika we ulag ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.


Yza

Şeýle hem okaň