BMGÖM we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Aşgabatda we 5 welaýat merkezlerinde zorlukly ekstremizmiň öňüni almak (ZEÖA) boýunça okuw sapagyny geçirdi.
Okuw sapagy Konsultatiw toparlar we Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri üçin guraldy. Çärä Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, ilatyň iş bilen üpjünçiligi boýunça bölümleriň, hukuk goraýjy edaralaryň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň we ýurduň welaýatlarynyň edara ediş merkezleriniň häkimlikleriniň wekilleri gatnaşdy.
Çärä gatnaşanlar ZEÖA-nyň başlangyçlaryna köp pudaklaýyn çemeleşmegiň meselelerini we ýerli goldaw ulgamlaryny güýçlendirmek üçin ZEÖA-da jemgyýetçilik ýolbaşçylarynyň we maşgala agzalarynyň ornuny ara alyp maslahatlaşdylar.