23 Ýanwar 2023
302
Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Bagtyýarlyk etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda, sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy (Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binasy).
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligimüdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi tel: 92-14-56
Bagtyýarlyk etraby tel: 37-46-68
Berkararlyk etraby tel: 37-46-67
Büzmeýin etraby tel: 33-12-69
Köpetdag etraby tel: 92-71-70
Okamak