Türkmenistanyň elektron neşirleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan esaslandyrylan «Arkadagly ýaşlar» atly täze aýlyk ýaşlar žurnaly bilen üsti ýetirildi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet-neşiri habar berýär.
Žurnal ýurtda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň dürli taraplaryny öz içine alýar, ýaşlara halypalyk edýän tanymal adamlara-da, ýaş nesliň wekillerine-de söz berýär.
Redaksiýanyň işgärleri ýaşlary makalalary taýýarlamaga we ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşmaga, seslenme we interaktiw aragatnaşyk döretmäge höweslendirýärler. «Arkadagly ýaşlaryň» birinji sanynda yglan edilen iň oňat makala ugrundaky bäsleşik hem bu maksada hyzmat edýär.