1-nji fewralda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde döwlet özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň çäklerinde gurlan täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy.
Umumy meýdany 500 inedördül metre barabar bolan hem-de degişli talaplara laýyk gelýän täze dermanhana ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Tebigat çeşmesi» hususy kärhanasyna degişlidir. Ýeri gelende aýtsak, bu kärhana ýurdumyzyň dürli sebitlerinde şeýle desgalary dolandyrmagyň uly tejribesini toplady.
Täze açylan dermanhanada ýurdumyzda öndürilýän we Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň köp görnüşli derman serişdeleri, dürli lukmançylyk önümleridir enjamlary, bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikler elýeterli bahalardan müşderilere hödürlenilýär.