Warşawada adam ölçegi boýunça üç günlük Ýöriteleşdirilen okuw geçirildi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.
Bu çärä Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Ýokary kazyýetiniň we Baş prokuraturasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ýöriteleşdirilen okuw Türkmenistanyň Hökümeti bilen Aşgabatdaky ÝHHG merkeziniň arasynda «Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerini ösdürmäge goldaw» atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde gurnaldy.