Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyza we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

4-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça paýtagtymyza we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerlerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy diýip, TDH habar berýär.

Gahryman Arkadagymyz halkara ölçeglere kybap gelýän, iň täze tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen dürli maksatly binalaryň gurluşygyna, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen desgalara möhüm üns berilýändigini aýtdy.


Yza

Şeýle hem okaň